TÜRKMENISTAN — АZERBAÝJAN: baý tejribä daýanyp, ösüşiň täze sepgitlerine tarap

Birek-birek bilen gatnaşyk saklaýan döwletler, ilkinji nobatda, öz halklarynyň arasyndaky umumylyklardan, özlerini ýakynlaşdyrýan zatlardan ugur alýarlar. Gojaman Hazaryň kenaryny ýakalap oturan türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasynda bolsa şol umumylyklara näçe diýseň gabat gelmek mümkin. Olaryň iň esasysy, olaryň ikisi hem Oguz kowumynyň nesilleridir.

 

Iki dsotlukly halk ykballary göterilip, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda özbaşdaklygyny gazanyp, milli döwletli boldular. Gojaman Hazaryň kenarynda ata-baba goňşy oturan bu iki döwletiň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesine gelmegi bilen täzeden işjeňleşdi. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli goňşuçylyk däbine eýerip, 2008 hem-de 2017-nji ýyllarda resmi, 2010, 2015-nji ýyllarda iş saparlary bilen doganlyk Azerbaýjan döwletinde bolup, dostlukly ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyklary geçirdi.

Eýsem, Azerbaýjanyň Prezidentiniň ýakynda, has takygy 21-22-nji noýabrda ýurdumyza amala aşyran nobatdaky saparynyň ähmiýeti nämeden ybarat?

Birinjiden, bu sapar Hazar arkaly asyrlaryň dowamynda biri-birine bagly bu iki dostlukly döwletiň dünýä geosyýasatyndaky we geoykdysadyýetindäki ähmiýetini ýene-de bir gezek öňe çykaran sapar boldy. Dünýäniň geosyýasy kartasynda Hazarýaka sebitiniň ähmiýeti, ozaly bilen, sebitiň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky özboluşly medeni-syýasy köprüdigi bilen şertlenendir. Aslynda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebiti biri-birinden üzňe däl-de özara baglanyşykly, biri-biriniň üstüni ýetirýän, sebit we dünýä howpsuzlygynda umumy tagallalaryň birleşdirilmeli sebitdigini öz öňe sürýän halkara başlangyçlarynda yzygiderli nygtap gelýär. Geografik taýdan amatly ýerleşişi, baý energetika we tebigy gorlaryna eýe bolmagy Hazarýaka döwletleri bolan Türkmenistanyň hem, Azerbaýjanyň hem Ýewraziýa, umuman dünýä syýasatyndaky strategiki ähmiýetini artdyrdy. Şu ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde bolan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-siniň V Sammitinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň ähmiýetine üns çekmek bilen, türkmen we azerbaýjan Liderleri dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde onuň, ilkinji nobatda, iki doganlyk halky, soňra tutuş Ýewraziýa yklymynyň halklaryna bähbitli transmilli taslamalaryň özara galtaşýan nokady bolmalydygyny nygtadylar. Saparyň barşynda türkmen Lideri energetika ugruny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.  

Ikinjiden, sapar Hazaryň hukuk ýagdaýynyň kesgitlenmegi bilen, dünýäniň iki sany iri energetika döwletine öz energiýa serişdeleriniň köpugurly we howpsuz ýagdaýda ýewropa bazaryna ibermekde giň mümkinçilikleri açandygyna, şolary milli hem-de sebit bähbitlerini ýerlikli utgaşdyrmak arkaly peýdalanmaga girişmegiň zerurdygyna üns çekdi. Bu Türkmenistanyň hem, Azerbaýjanyň hem geljege gönükdirilen energetika strategiýalaryna gabat gelýär.

Üçünjiden, sapar Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, hereketlendirijisi bolan Türkmenistanyň III müňýyllykda ony gaýtadan dikeltmek boýunça öňe süren taslamalarynyň öňünde nobatdaky «ýaşyl yşygy» ýakdy. Gürrüň milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Lazurit» ulag geçelgesi hakda barýar. Laýyk 1 ýyl ozal,  2018-nji ýylyň noýabrynda Owganystan boýunça Aşgabatda geçen 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynda (RECCA VII) Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gol çekilipdi. Aşgabatda şu gezek geçirilen gepleşiklerde iki döwletiň Baştutanlary hem bu taslamany durmuşa geçirmekde zerur bolan ulag-logistika mümkinçiliklerini, ozaly bilen, üstümizdäki ýylyň maýynda Hazaryň türkmen kenarynda açylan Türkmenbaşydaky halkara deňiz porty bilen Bakuwdaky  Alýat halkara söwda potunyň mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygyna üns çekdiler. Hormatly Prezidentimiz Ýewropa–Kawkaz–Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara toparynyň (TRACECA) geosyýasy giňişligi boýunça köpugurly awtomobil-parom, demir ýol-parom gatnawlaryny, logistika ulgamlaryny ýola goýmak, ýükleri özara ylalaşyk esasynda ýeňilleşdirilen tarifler boýunça gatnatmagyň bu babatda iki ýurt üçin özara bähbit getirjekdigine ynanýandygyny nygtady. Türkmenistan Azerbaýjanyň gatnaşmagynda amala aşyrylan Baku—Tbilisi—Kars demir ýolunyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, öz we üstaşyr ýüklerini Türkiýä, ondan aňyk Ýewropa eltilmegine gyzyklanýar. Saparyň jemleri boýunça gol çekilen deňiz söwda gämi gatnawy, maglumatlary awtomatlaşdyrylan görnüşinde alyşmak, portlaryň arasynda ýük geçirmeleriniň mukdaryny artdyrmak, iki ýurtlaryň portlaryndan deňiz ulagy arkaly geçýän halkara gatnawlary ösdürmek, halkara awtomobil ulaglaryny  ösdürmek,  iki ýurduň hökümetiniň arasynda ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakynda jemi 6 sany Ylalaşyk, şeýle hem ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2019-2022-nji ýyllar üçin hökümetara Maksatnamasy eýýäm taraplaryň bu ugurda anyk netijeli işlere girişmeginiň hukuk binýadyny goýdy.

Ozal bellenilişi ýaly, «Gündogar—Günbatar» halkara ulag geçelgesini herekete getirmek üçin logistiki çözgütleri çykarmak üçin taraplarda ýeterlik ulag düzümi bar. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýük geçirijilik ukyby nebit önümlerini hasaba almazdan, 17 million tonna barabardyr. Onuň 400 müň konteýner ýüki işläp taýýarlamaga mümkinçiligi. Bakuwyň 80 kilometr günorta-günbatarynda, Türkmenbaşy porty bilen bir parallelde ýerleşen Alýat portunyň bolsa ýylda 15 million tonna ýüki, şol sanda 100 müň konteýneri (TEU) ibermäge mümkinçiligi bar. Alýat bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda eýýäm 2014-nji ýylda parom gatnawy ýola goýuldy. Azerbaýjanyň Baştutany Aşgabada saparynyň barşynda «Gündogar—Günbatar» halkara ulag geçelgesini Türkmenistany hem, Azerbaýjany hem täze kuwwata iterjek, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkitjek durmuş arteriýasy hökmünde häsiýetlendirdi. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan we Azerbaýjan Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde-de tagallalaryny birleşdirýärler. 2016-njy ýylyň martynda Bakuwda geçirilen «Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täze Ýüpek ýoluny dikeltmekde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň orny» atly halkara maslahaty hut şu meselä bagyşlandy.

Dördünjiden, sapar döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy has-da berkitdi. Medeniýetiň, sungatyň, kitabyň wezipesi — milletine parh goýmazdan, ynsanlara ruhy lezzet paýlamak, olary ýakynlaşdyrmak, dostlaşdyrmak. Bu babatda ozal toplanan oňyn tejribäniň ençeme mysallaryny ýatlamak ýerlikli bolar. 2008-nji ýylda Hormatly Prezidentimize Baku döwlet uniwersitetiniň hormatly doktory, Azerbaýjanyň Prezidentine bolsa Aşgabatda ilkinji saparda bolan mahalynda Magtymguly adyndaky TDU-nyň Hormatly doktory diýen at berildi. Azerbaýjanda türkmen nusgawy şahyrlary Andalybyň, Magtymgulynyň, Mollanepesiň eserleri neşir edildi. Türkmen sahna ussatlaryyň janlandyrmagynda Uzeýir Gajibekowyň meşhur «Arşin malanan» operasy Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär. hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna», daşary syýasat bilen bagly kitaplary azerbaýjan diline terjime edildi. 2013-nji ýylda «Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk» atly kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Saparyň barşynda Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len Azer­baý­ja­nyň Mil­li ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet we sun­gat ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň 2019–2021-nji ýyllar üçin Mak­sat­na­ma­sy­na gol çekildi. Bilim babatdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmek maksady bilen, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler ministr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty hem-de  Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýa­nynda­ky «ADA» uni­wer­si­te­ti­ bilen Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­malary baglaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, ADA uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda ozal hem hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. Institutyň wekiliýeti Halkara gatnaşyklary institutlarynyň we Diplomatik akademiýalaryň rektorlarynyň we dekanlarynyň «XXI asyrda diplomatik okuw: tejribe alyş-çalşygy we täze meseleleriň çözgütlerini tapmak» diýen temada Bakuwda geçirilen duşuşyga, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ADA uniwersiteti bilen birlikde geçirilen ylmy-amaly maslahatlara, tanyşdyrylyş dabaralaryna institutyň wekilleri birnäçe gezek gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz şu gezek Azerbaýjanyň Baştutanyna milli halyçylyk sungatyna eýe bolan iki ýurduň arasynda haly sergilerini guramagyň, halkara maslahaty geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy hakda teklibini ýetirdi.

Jemläp aýdanymyzda, Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler türkmen-azerbaýjan dostlugynyň mizemezdigini ýene bir gezek subut etdi.

 

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary instituty.