I. Konsullyk işleri.
II. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary we olaryň wezipeleri.
III. Türkmenistanyň territoriýasyndan daşarda alynýan Türkmenistanyň konsullyk ýygymlaryň nyrhy.
“Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralar hakyndaky” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, işiň hukuk esaslary, Türkmenistanyň konsullyk edaralarynyň açylyşynyň we işleýşiniň düzgüni, olaryň wezipeli adamlarynyň we işgärleriniň bellenmegi, mundan başga-da, Türkmenistanyň hukuklarynyň we bähbitleriniň, onuň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň we ýuridiki şahsyýetiniň goralmagy boýunça konsulyň işleri kesgitlenildi. Wizalaryň görnüşleri we kategoriýalary, şeýle hem, olary resmileşdirmegiň, bermegiň we olaryň hereket etmek wagtynyň uzaldylmagynyň tertibi “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanuny we Türkmenistanyň beýleki hukuk kadalaşdyryjy namalary tarapyndan düzgünleşdirilýär.
I.Konsullyk işleri
1.Türkmenistan daşary döwletler bilen konsullyk gatnaşyklaryny, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň we ýuridiki taraplarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi diwanynyň düzüm bölegi - Konsullyk gullugy bölümi tarapyndan utgaşdyrylýar.
2.Türkmenistanyň “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary baradaky” kanunyna laýyklykda häzirki wagtda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Herat şäherinde we Mazari-Şerif şäherinde konsullyklar, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde we Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde Baş konsullyklar, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde konsullyk, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde konsullyk we Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde konsullyk, şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde we Türkmenistanyň Ukrainadaky Harkow şäherinde konsullyk nokatlary hereket edýär. Konsullyk edaralaryna Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň konsullyk bölümleri hem degişlidir. Olar Türkmenistanyň ýuridiki taraplarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goraýar.
3.Konsullyk wezipesindäki adamlar öz ygtyýarnamalarynyň çäginde konsullyk okrugy ýa-da bu häkimiýetden gelip çykýan notarial hereketleri, raýat ýagdaýy baradaky aktlaryň bellige alynmagy, resminamalary we dürli aktlary kanunlaşdyrýar. Daşary ýurtlarda ýerleşen Türkmenistanyň raýatlarynyň kanuny bähbitlerini goramaklyk bilen, olara daşary ýurda gelmegiň kanuny we düzgünleri barada maglumat berýär, olara gerekli bolan hödürnamalary berýär, adatdan daşary ýagdaý dörän halatynda howpsuzlygyň berjaý edilişini üpjün etmek boýunça gerek bolan çäreleri ýerine ýetirýär.
4.Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň hukuk derejeleri ilki bilen olaryň bolýan döwletleriniň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenýär. Onda konsul konwensiýalarynyň ýagdaýy, raýat, maşgala we jenaýat işlere hukuk kömegini bermek baradaky şertnamalar uly ähmiýete eýedir.
II.Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary we olaryň wezipeleri
1.Resminamalary talap edip almagyň tertibi hakyndaky maglumat.
Türkmenistanyň raýatlary zerur bolan resminamalary talap edip almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutmaga haklydyr. Eger-de raýata gerek bolan resminama Türkmenistanyň çäginde ýerleşen halatynda, ony talap edip almagynyň şu aşakdaky tertibi ulanylýar.
Gyzyklanýan tarap özüniň bolýan döwletindäki diplomatik wekilhana ýa-da konsullyk edarasyna ýüz tutýar we talap edilýän resminamanyň her biri üçin bellenilen görnüşdäki sowalnamanyň iki nusgasyny doldurýar, şeýle hem degişli konsullyk ýygymyny töleýär.
Resmileşdirilen talap diplomatik wekilhana ýa-da konsullyk edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk bölüminiň (KB) üsti bilen Türkmenistanyň çägindäki degişli arhiw edaralaryna iberilýär. Gözleg işleri tamamlanandan soň, arhiw edaralary Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminiň üsti bilen talap edilen resminamalary diplomatik wekilhana ýa-da konsullyk edarasyna gaýtaryp berýär. Resminamany tapyp bolmadyk ýagdaýlarynda arhiw edarasy bu barada Türkmenistanyň DIM-niň KB-niň üsti bilen ýüz tutuja habar berýär.
Pasportlaryň, zähmet depderçeleriniň, harby biletleriň asyl nusgalary talap edilip alynmaga, daşary ýurtlara iberilmäge degişli däldir. Zerur bolan halatynda daşary ýurda zähmet ýoly hakyndaky hem-de harby gullugy geçendigi baradaky kepilnamalar iberilip bilner.
Talap edilip alynýan resminamalaryň derejesine baglylykda olary ýerine ýetirmek işi Türkmenistanda şu aşakdaky edaralar tarapyndan amala aşyrylýar:
- Türkmenistanyň RÝNÝ-nyň (ЗАГС) Merkezi arhiwi;
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi;
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi;
- Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti.
Türkmenistanda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary beýleki döwletlerden resminamalary talap edip almak meseleleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümine ýüz tutup bilerler.
Ýüz tutmany resmileşdirmegiň tertibi hem-de ýüz tutmany ýerine ýetirmegiň möhletleri ilkibaşdaky maglumatlaryň dolulygyna we şol resminamanyň gelip çykan döwletiniň kanunçylygynyň talaplaryna baglydyr. Daşary ýurtlardan resminamalary talap edip almak üçin uzak wagtyň gerek bolýandygy göz öňünde tutulmalydyr.
2.Resminamalary kanunlaşdyrmagyň tertibi barada maglumat
Kanunlaşdyrmak – munuň özi döwletiň häkimiýetlerinden çykýan ýa-da şol häkimiýetleriň gatnaşmagynda düzülen resminamanyň şol döwletiň kanunçylygyna laýyk gelýändigini tassyklamakdyr. Ol resminama gol çeken wezipeli adamyň golunyň hem-de ygtyýarly döwlet edarasynyň möhüriniň hakykylygyny tassyklamakdan ybaratdyr.
Halkara tejribesine laýyklykda pasportlary we olaryň ornuny tutýan resminamalary kanunlaşdyrmak talap edilmeýär.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän ýa-da özüniň mazmuny boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine zyýan ýetirip biljek ýa-da raýatyň mertebesine şek ýetirýän resminamalar we namalar, şeýle hem pasportlaryň, zähmet depderçeleriniň, harby biletleriň, şahsyýetnamalaryň, eýeçilik baradaky namalaryň, täjirçilik ýa-da gümrük amallaryna (hasaplar, harytlaryň serhetden geçirilişi baradaky resminamalar, harytlary ibermek hakyndaky ylalaşyklar, gümrük deklarasiýalary we şuňa meňzeşler) gönüden-göni degişli resminamalaryň asyl nusgalary hem-de göçürmelri kanunlaşdyrmaga degişli däldir.
Daşary ýurtlarda ulanmak üçin resminamalary kanunlaşdyrmak.
Daşary ýurtlarda ulanmak üçin resminamalary kanunlaşdyrmak şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:
1.Türkmenistanyň çägindäki kepillendiriş edarasy resminamanyň göçürmesini tassyklaýar;
2.Türkmenistanyň Adalat (ýustisiýa) ministrligi kepillendirijiniň golunyň we möhüriniň hakykylygyna şaýatlyk edýär;
3.Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümi Türkmenistanyň Adalat (ýustisiýa) ministrliginiň möhüriniň we wezipeli adamyň golunyň hakykylygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde kanunlaşdyrylandan soň resminamalar olaryň ulanyljak döwletiniň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda kanunlaşdyrylýar. Şunlukda daşary ýurtdaky Türkmenistanyň konsuly özünde bar bolan nusgalygyň esasynda Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminiň ygtyýarly işgäriniň golunyň we möhüriniň hakykylygyny tassyklaýar. Kada bolşy ýaly, resminamalar kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgalarda kanunlaşdyrylýar.
Daşary ýurtlarda ulanmak üçin niýetlenen bilim hakyndaky resminamalar muňa girmeýär, şol resminamalar Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde asyl nusgasynda kanunlaşdyrylýar.
Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde resminamalary kanunlaşdyrmak üçin konsullyk ýygymy we iş ýüzünde edilen çykdajylaryň öwezini dolmagyň hasabyna ýygym alynýar.
Türkmenistanyň çäginde ulanmak üçin daşary ýurt resminamalaryny kanunlaşdyrmak.
Türkmenistanyň çäginde ulanmak üçin niýetlenen daşary ýurt resminamalary olaryň gelip çykan döwletiniň Daşary işler ministrliginde ýa-da muňa ygtyýarly edilen beýleki resmi döwlet edarasynda kanunlaşdyrylandan soň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylýar.
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylman Türkmenistana getirilen daşary ýurtlaryň resminamalary deslapdan, resminamanyň düzülen daşary ýurt döwletiniň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt döwletiniň diplomatik wekilhanasynda, soňra bolsa Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölüminde kanunlaşdyrylýar.
Türkmenistanda baglaşylan raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi hem-de hukuk gatnaşyklary hakyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyklar, şeýle hem 1993-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minsk şäherinde GDA agza döwletler tarapyndan gol çekilen raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakyndaky Konwensiýa degişli tertibi kesgitleýär. Oňa laýyklykda, ylalaşýan taraplaryň biriniň resmi häkimiýetleri tarapyndan berlen resminamalara resmi hökmünde garalýar we beýleki bir ylalaşýan tarapyň çäginde haýsydyr bir goşmaça kepillendirme talap edilmezden, ýagny kanunlaşdyrylmazdan, resmi resminamalaryň subut ediji güýjünden peýdalanýar.
3.Daşary ýurtda Türkmenistanyň raýatlarynyň konsullyk hasaba we bellige alynmagy.
Umumy düzgünler
“Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary olaryň konsullyk okrugynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlaryny bellige alýar we hasabyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň çäginden daşda ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda bellige alynmaga (konsullyk hasabyna durmaga) haklydyr. Türkmenistanyň raýatlaryny bellige almak muzdsuz amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk bölümi bu mümkinçilikden peýdalanmagy tutanýerli maslahat berýär. Hökmany suratda bolman, bu düzgün Türkmenistana gitmän köp meseleleri çözmäge (boljak saýlawlar we sala salşyklar barada maglumatlary bermek, pasportlary resmileşdirmek, raýatlyk ýagdaýynyň ýazgysyny bellige almak we ş.m.) mümkinçilik berýär, şeýle hem özüniň bolýan döwletinde harby hereketleriň, köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň ýa-da tebigy betbagtçylyklaryň ýüze çykan halatynda Watanyna gaýdyp gelmegini ýeňilleşdirer.
Türkmenistanyň Diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda konsullyk hasabyna goýmak üçin bellenilen görnüşdäki kartoçka doldurylýar. Bellige alnanda pasportda: “... Pylany (Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň ady we onuň ýerleşýän ýeri) hasaba alyndy” diýen bellik edilýär, sene hem-de hasaba alan adamyň goly görkezilýär.
III.Türkmenistanyň territoriýasyndan daşarda alynýan Türkmenistanyň konsullyk ýygymlaryň nyrhy
Wizalary resmileşdirmek we bermek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda şu aşakdaky konsullyk ýygymlarynyň bahalary göz öňünde tutulýar:
1) Bir gezeklik wiza üçin:
- 10 güne çenli – ABŞ-nyň 20 dollary;
- 20 güne çenli – ABŞ-nyň 30 dollary;
- 1 aýa çenli – ABŞ-nyň 40 dollaryna çenli;
- soňky her aý üçin – ABŞ-nyň 30 dollary.
2) Köp gezeklik wizalar üçin:
- 1 aýa çenli – ABŞ-nyň 60 dollary;
- soňky her aý üçin – ABŞ-nyň 40 dollary.
3) Tranzit wizalar üçin:
- bir gezeklik 5 güne çenli – ABŞ-nyň 20 dollary;
- iki gezeklik 5 güne çenli her gezek – ABŞ-nyň 40 dollary.
4) Aşgabadyň halkara howa menzilinde wizalary resmileşdirmek üçin goşmaça ABŞ-nyň 50 dollary alynýar.
Wizalar berlende şeýle hem wizalary resmileşdirmek bilen baglanyşykly hakyky çykdajylaryň öwezini dolmak üçin ýygymlar alynýar. Şeýle ýygymlaryň möçberi wizalaryň resmileşdirilýän ýerine baglydyr (ýüz tutujynyň raýatlygyna garamazdan).
Konsullyk hereketleri resminamalaryň degişli edara gelip gowuşan gününden başlap, 10 günüň dowamynda amala aşyrylýar. Üç iş gününiň dowamynda amala aşyrylýan konsullyk hereketleri, şeýle hem iş däl we baýramçylyk günleri amala aşyrylýan konsullyk hereketleri üçin alynýan ýygymlaryň möçberi 100 % artýar.
Bellik: Degişli ikitaraplaýyn ylalaşyklary we şertnamalary bar bolan döwletiň raýatlary üçin Türkmenistana gelmek baradaky wizany resmileşdirmegiň başga tertibi göz öňünde tutulyp bilner. Maglumatlar www.migration.gov.tm saýtynda görkezilýär.