PEKINDE “TÜRKMENISTAN BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ KUWWATLY ÜSTAŞYR-ULAG MERKEZI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 15-nji martynda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň aktlar zalynda “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň kuwwatly üstaşyr-ulag merkezi” atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylygynyň we Hytaýyň “Petroçaýna” nebitgaz kompaniýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk departamentiniň ýakyndan ýardam bermeginde gurnaldy.

Forumyň pikir alyş-çalyş meýdançasy Hytaýyň paýtagtynyň ulag pudagynyň işgärlerini, ýurduň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň professor-mugallymlaryny, daşary ýurtly we türkmen talyplaryny birleşdirdi.

Maslahatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi bilen bagly ýurdumyzda geçirilýän iri ulag özgertmeleri, özara bähbitli ulag taslamalarynyň ýerine ýetirilşi barada giňişleýin gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň ýokary üstaşyr-ulag kuwwatyna ünsi çekdi we ýurdumyzyň şu gün sebit we yklym ähmiýetli möhüm merkez bolup çykyş edýändigini aýtdy. Ol Türkmenistan ägirt uly energetika we tebigy-gor kuwwatyna hem-de ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerine eýe bolup, wajyp geosyýasy orny eýeleýär, ýurtda amala aşyrylýan iri taslamalar bolsa bütin Ýewro-Aziýa yklymynyň durnuklylygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär diýip belledi.

Forumda giriş sözleri bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň prorektory hanym Dun Çaosýu çykyş edip, Türkmenistanda köp şahaly ulag kommunikasiýalar infrastrukturasyny ösdürmek üçin edilýän tagallalara ýokary baha berdi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda Hytaýyň nebit uniwersitetiniň partiýa komitetiniň sekretary hanym Şan Hundunyň, “Petroçaýna” nebitgaz kompaniýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Den Minminiň, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň uçurymy, häzirki wagtda şol uniwersitetiň doktoranty Rahman Baýramdurdyýewiň çykyşlary diňlenildi. Olar öz çykyşlarynda Türkmen döwletiniň Lideriniň başlangyjy bilen Türkmenistanyň tutuş ykdysadyýetiniň, şol sanda ulag ulgamynyň hem düýpli özgerdilmegi  Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda söwdanyň we önümçiligiň ösdürilmeginiň hem-de integrasiýa prosesleriniň çaltlandyrylmagynyň esasy faktory bolup çykyş edýändigini bellediler.

Forumyň çäklerinde gatnaşyjylara türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ulgamlaryna täsir edýän iri özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi barada giňişleýin gürrüň berýän wideofilm görkezildi.