TÜRKMEN-WENGER GATNAŞYKLARYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ÝOKARY DEREJEDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 9-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz ikiçäk gepleşikleriň dowamynda Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparynyň netijeli geçjekdigine hem-de özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklaryň syýasy ugry barada aýdyp, halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady. Wengriýa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny hem-de parahatçylygy gazanmaga, durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça özara haryt dolanyşygynyň ep-esli artandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda Wengriýa bilen köp derejeli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Ýangyç-energetika toplumy, ulag, senagat kooperasiýasy, dokma senagaty, oba hojalygy we beýleki pudaklar gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Durmuş ulgamy türkmen-wenger gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurtlarymyz bilim, ylym we medeniýet ýaly ulgamlarda üstünlikli gatnaşyk edýärler. Bu ulgamlarda anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek möhüm hasaplanýar. Munuň özi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, iki dostlukly halkyň özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşmaga ýardam eder.

Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanyny Wengriýada Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde Premýer-ministr Wiktor Orbanyň bu saparynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikiçäk görnüşde geçirilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ençeme meselelerini öz içine alan gepleşikleriň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmek boýunça tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Iki döwletiň degişli edaralaryna özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem-de eksport-import görkezijilerini sazlaşdyrmaga, energetika, ulag, derman senagaty, dokma senagaty, oba we suw hojalygy, maýa goýum işi ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns bermek teklip edilýär.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýändigini nygtap, bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Häzirki wagtda tebigy gazdan wodorod öndürmek geljegi uly we örän zerur ugur bolup durýar.

Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ol aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Senagat kooperasiýasy hem özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Wengriýa ösen senagat-önümçilik kuwwaty, uly tehnologik mümkinçilikleri bolan döwletdir. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, bilelikdäki kärhanany döretmek arkaly senagat we önümçilik kooperasiýasy hyzmatdaşlygynyň geljegine garamagy teklip etdi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýar. Bu babatda iki halkyň taryhy-medeni umumylygy möhüm baglanyşdyryjy ýagdaýy emele getirýär.

Biziň taryhy şahsyýetlerimiziň işi ýene-de bir birleşdiriji ugur bolup durýar. Şol şahsyýetleriň hatarynda ajaýyp wenger alymy we syýahatçysy Arminiý Wamberi bar. Onuň 190 ýyllygy 2022-nji ýylda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde giňden bellenilip geçildi. 1864-nji ýylda çap edilen “Merkezi Aziýa boýunça syýahat” atly işinde onuň türkmen halkynyň beýik ogly, şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada gürrüň berendigi bellärliklidir.

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, Wengriýanyň adyna onuň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ýaş türkmenistanlylaryň bilim almagyna döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uly kuwwata eýedir. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň uly geljegi bardyr.

Şunuň bilen baglylykda, wenger tarapynyň Türkmenistan we tutuş Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Wengriýanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy sebitiň ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam eden möhüm ýagdaý boldy.

Belent mertebeli myhman energetika ulgamyny ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda görkezdi. Şunda Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de degişli meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak baradaky tekliplerini goldaýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Wengriýa Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berýär we mundan beýläk-de ýurdumyza halkara giňişlikde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan goldaw berer.

Geçirilen gepleşikleriň üstünlikli bolandygyny nygtap, Premýer-ministr Wiktor Orban Türkmenistanyň Prezidentine Wengriýa sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýene-de bir gezek beýan etdi.

Munuň özi iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam eder.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.