MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILHANASY TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GURNADY

2018-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini durnuksyz migrasiýanyň hem-de adam söwdasynyň öňüni almak boýunça meselelerde tagallalary birleşdirmegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükidirilen iki günlük maslahat işe başlady. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) wekilhanasy bilen bilelikde guraldy.

Duşuşyga merkezi we welaýat gazetleriniň, žurnallarynyň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň, radionyň, internet-habar beriş serişdeleriniň, döwlet edaralarynyň metbugat gulluklarynyň wekilleri çagyryldy. Halakara bilermenleriň geçiren maslahatynyň baş maksady häzirki döwrüň ýokarda görkezilen umumy meselelerini beýan etmegiň dünýä tejribesini öwrenmekden, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kömegi arkaly şeýle ýagdaýlaryň öňüni almakdan ybaratdyr.

Maslahat açyk çekişmeler görnüşinde geçip, oňa gatnaşyjylara sowal bermek, biri-biriniň biliminiň üstüni ýetirmek mümkinçiligini döredip, çagyrylan taraplaryň hemmesi üçin mesleleri ara alyp maslahatlaşmagyň has netijeli we peýdaly bolmagyna mümkiçilik berdi.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlykda uly tejribesiniň bardygy, şonuň çäklerinde 2014-nji ýylyň başynda ýurdumyzda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça iş toparynyň döredilendilendigi bellenildi. Bu topar tarapyndan halkara bilermeniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin hereketleriniň milli meýilnamasy işlenilip taýýaralnyldy hem-de 2016-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentinti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanyldy.

Migrasiýa, gaçybatalga bermek, bosgunlaryň hukularyny üpjün etmek hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň meslelerine Türkmenistanyň abraýly guramalar bilen hymzatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryna mydama ygrarlydygyny görkezýändigi hem-de migrantlaryň, bosgunlary, raýatlygy bomadyk adamlaryň meslelerini çözmäge milli hem-de halkara derejede işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Şu maglumatlar şonuň subutnamasy bolup durýar: 2005-nji ýylda 13 müňden gowrak adam meýletin esasda raýatlyga eýe bolup, olaryň 9 müň 500-den gowragy bosgunlar boldy, 3 müňden gowragy ýaşamak görnüşine eýe boldy. 2011-nji  we 2013-nji ýyllarda 4 müň adam, 2014-nji ýylda 786 adam, 2015-nji ýylda 361 adam, 2016-nji ýylda 1381 adam, 2017-nji ýylda 1690 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

«Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda» hem-de «Apatridleriň derejesi hakynda» Konwensiýalarda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan adamlaryň bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň ähli hukularyndan peýdalanmagy üçin Türkmenistanyň Prezidentintiniň Karary bilen, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem-de bosgunlaryň şahsyýetnamasynyň we ýol resminamasynyň, ýaşamak üçin görnüşiň täze nusgalary herekete girizildi.

Maslahatyň maksatnamasy gatnaşyjylara meseleleriň giň toparyny, şol sanda adam söwdasynyň öňüni almakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny, häzirki döwrüň howply wehimleri babatda jemgyýetçilige habar bermek, durnuksyz migrasiýa barada halkara guramalaryň, döwlet gulluklarynyň we hökümete degişli däl guramalaryň hyzmatdaşlygy hem-de žurnalistiň çemeleşmeleri ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.