RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Iýun

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANYLDY

2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC) - Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolup, ykdysady, durmuş ulgamlarynda, saglygy goraýyş we bilim pudaklarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we düzümleriniň işi...

DOWAMY
13 Iýun

AŞGABATDA HALKARA YLMY HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR

2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabatda Ylymlar gününe gabatlanylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara forum öz işine başlady. Maslahatyň işine Türkmenistanyň alymlary, mugallymlary we ýaş alymlary, şeýle hem otuzdan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-niň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispa...

DOWAMY
13 Iýun

TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ TÄZE WEKILI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň täze bellenilen direktory doktor Paulina Karwowska bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda täze bellenilen direktor saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy dürli keselleriň meseleleri boýunça Türkmenistanyň  we BSG-niň  hyzmatdaşlygyna oňyn baha berdi we bu abraýly ha...

DOWAMY
11 Iýun

AŞGABATDA DINE UÝMAK AZATLYGY MESELELERI BOÝUNÇA TEGELEK STOLY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi. Gepleşikleriň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Müftiliginiň, şeýle hem dürli dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary giriş sözi bilen çyky...

DOWAMY
11 Iýun

TÜRKMENISTAN WE GWINEÝA-BISAU IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Gwineýa-Bisaunyň Saud Arabystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mamadu Sano bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy berkitmeklik ugrundaky, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mundan beýläk hem halkara guramalaryň çäklerinde özara g...

DOWAMY
8 Iýun

MOSKWA ŞÄHERINDE “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI WE ONUŇ TÄSIRINE ÝANAŞMAK” ATLY MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ine Moskwa şäherinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we onuň täsirine ýanaşmak” atly medeni çäre geçirildi. Rerihler Muzeýiniň (Gündogar döwlet muzeýiniň şahamçasy) çäklerinde we zallarynda sebitiň döwletleriniň ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň merkezi bölegi bolan Türkmen döwletiniň taryhy wezipesi bilen Beýik Ýüpek ýolunyň arabaglanyşygy mowzugyny şöhlelendirmäge gönükdirilen täsirli waka bolup geçdi. Çäräniň guramaçylary bolan Türkmenistanyň...

DOWAMY
6 Iýun

PRESS-RELIZ

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynda ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin sportuň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak, halkara sport hyzmatdaşlygy meselelerindäki işjeň ýörelgelerinden ugur alyp, daşary syýasy başlangyçlaryny dünýäde geljekde ýaýbaňlandyrmak ugry aýratyn orna eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyn...

DOWAMY