TÜRKMENISTANDA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLARYŇ ULAG BOÝUNÇA MASLAHATY GEÇIRILER
2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler.
30-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoulag bileleşiginiň, Halkara elektrik aragatnaşyk bileleşiginiň, TRASEKA we ş.m., birnäçe bank we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary foruma gatnaşýandyklaryny tassykladylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG derejesinde ulag meseleleri boýunça ählumumy gepleşikleriň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň paýtagtynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahat geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2014, 2015, 2017 we 2021-nji ýyllarda ylalaşyk esasynda durnukly ulag we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky kararnamalaryny kabul etdi.
Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek forum, 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasy tapgyrlaryndan biridir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenbaşy şäherindäki foruma gatnaşyjylara ýüzlenmegine garaşylýar.