TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI A.ATAÝEWANYŇ WE ABŞ-NIŇ BMG-DÄKI HEMIŞELIK WEKILI L.TOMAS-GRINFILDIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň ABŞ-niň BMG-däki Hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň öňümizdäki 77-nji sessiýasy hem-de iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary we BMG-däki özgertmeler bilen bagly meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Ilçisi söhbetdeşligiň başynda BMG-niň BA-nyň «Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamasyny goldandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi we onuň kabul edilmeginiň netijeleri boýunça ABŞ-niň wekiliniň oňyn çykyş edendigini aýratyn belläp geçdi.
A.Ataýewa Türkmenistanyň BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasyndaky ileri tutýan ugurlary barada jikme-jik aýtmak bilen, parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, zenan parlament agzalary, öňüni alyş diplomatiýasy we ulag ugurlaryndaky başlangyçlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda BMG-däki, hususan-da Howpsuzlyk Geňeşindäki özgertmeler boýunça pikir alşyldy. Taraplar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň işinde açyklygyň zerurdygy hem-de aýratyn amallaryň gaýtalanmazlygy üçin BMG-niň düzümleriniň özgerdilmegi pikirlerinde ylalaşdylar.