TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2022-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglanmagy bilen mähirli gutlap, şu mynasybetli Prezident Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlag sözlerini ýetirdi. Walentina Matwiýenko berk jan saglyk, uzak ömür hem-de işlerinde täze üstünlikleri gazanmagy baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklary öňe ilerletmekde Halk Maslahatynyň Başlygynyň uly goşandyny belledi.
Hormatly Arkadagymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň ýokary ýolbaşçylaryna we halkyna salamyny hem-de bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagynyň berlendigi üçin Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu sylagy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň bilelikde geçen döredijilikli ýoluna berlen ýokary baha, şol ýoluň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýändigini nygtady.
Ýurtlarymyzyň arasynda pugta we uzak geljek üçin niýetlenen gatnaşyklaryň ýola goýulmagy iki halkyň abadançylygynyň, gülläp ösüşe tarap ymtylmalarynyň mizemezdiginiň girewidir. Şu aýratyn pursatda döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň goşýan ajaýyp goşandyny bellemegi zerur hasaplaýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Söhbetdeşler telefon arkaly gepleşigiň dowamynda häzir Türkmenistanyň we Russiýanyň öz aralarynda ikitaraplaýyn aragatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy, oňa aýratyn ýakynlyk, depginli häsiýet bermegi göz öňünde tutýan çuňňur strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýandyklary kanagatlanma bilen nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan gatnaşyklary pugtalandyrmakda parlamentara hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini belläp, iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar. Ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gün tertibi boýunça hemmetaraplaýyn gatnaşyk etmekde ulanylar.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli mähirli gutlaglary hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin Walentina Matwiýenko ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň resmi sapar bilen gelmegine garaşylýandygyny belledi.
Söhbetdeşler telefon arkaly gepleşigiň ahyrynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça oňyn gatnaşyklary ösdürmek üçin mundan beýläk-de pugta binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.