TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “GAZPROM” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 29-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de öz ýolbaşçylyk edýän iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan oňyn, dostlukly, okgunly häsiýetini belledi, muňa ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar hem şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berjek ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ähmiýetini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz we “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy bar bolan köpýyllyk oňyn tejribäni, uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň kompaniýasy tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ulgamda uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan özüniň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň täze teklipleri üçin hemişe açykdyr we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny goldamaga taýýardyr. Şeýle-de Russiýanyň kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly boljakdygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýanyň energetika kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegine gyzyklanmany tassykladylar. Munuň özi strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de ösdürilmegine uly goşant bolar.