TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ – MERKEZI AZIÝANYŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ MINISTRLERIŇ STRATEGIKI DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Aýlagdaky Arap Döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň” Daşary işler ministrleriň strategiki dialogynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy.
Bu platforma ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri giňeltmek hem-de söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny, sebit howpsuzlygy meselelerini we söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlary, medeniýet we ylym pudaklarynda geljekde netijeli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy öz çykyşynda “şu günki mejlise Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleri bilen Aýlagyň Arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň arasynda giň gerimli özara gatnaşyk döretmek üçin ilkinji möhüm ädim hökmünde garalýar” diýip nygtady.
Türkmen tarapynyň pikiriçe, taryhy taýdan esaslandyrylan we häzirki zaman hakykatlarynyň zerurlyklary tarapyndan talap edilýän ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna uzak möhletli häsiýet we durnuklylyk bermek, şeýle hem tertipleşdirmek we kadalaşdyrmak prosesiniň başlangyjy barada gürrüň gidýändigini belledi.
Forumyň çäklerinde taraplar energetika, ulag geçelgeleri we logistika, şeýle hem azyk we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, medeni, ynsanperwer we ylmy çäreleri geçirmek meseleleri boýunça amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdiler.
Duşuşygyň netijesinde taraplar Bilelikdäki Beýannamany, şeýle hem Söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlary boýunça amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen 2023-2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny (Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny) kabul etdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary dowam edýär. Saparyň çarçuwasynda Türkmen wekiliýetiniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.