“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalarda giň okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrylýar.

Žurnalyň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji aprelinde geçirilen Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammitindäki çykyşy bilen açylýar. Şeýle-de žurnalda şu ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran sapary baradaky makala ýerleşdirilipdir.

Birnäçe makalalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna bolan resmi saparlaryna, şeýle-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna bagyşlanandyr. 

29-njy iýunda Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri türkmen paýtagtyna geldiler. 

 “Aşgabat formaty” - parlamentara hyzmatdaşlygyň täze görnüşi” ady bilen çap edilen makala şu ýylyň ikinji çärýeginiň uly ähmiýetli iki wakasyna — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen paýtagtynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna bagyşlanypdyr. 

Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna, şeýle-de parlamentara hyzmatdaşlyga, jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň eýeleýän ornuna bagyşlanyp, žurnalda çap edilen, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň awtorlarynyň makalalary hem okyjylar üçin gyzykly bolar.

 “Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly makalalar toplumynda 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginiň wakalary wagt yzygiderliliginde beýan edilýär. Žurnalyň nobatdaky sany degişli resminamalar toplumy bilen jemlenýär.

Umuman, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalyň nobatdaky sanynyň mazmuny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan wezipelerini we esasy maksatlaryny açyp görkezýär.