NÝU-ÝORKDA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLARYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň temasy “COVID-19 pandemiýasyndan soňky hereketler boýunça Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlygyň depginini ösdürmek” boldy.

Duşuşygy açmak bilen, Botswana Respublikasynyň Daşary işler ministri Lemogang Kwape deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlyk meselelerinde goldaw bermek haýyşy bilen Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň Başlygy Çaba Körýoşi, BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary Amina Mohammede we Ykdysady hem-de Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) we Birleşen Milletler Guramasynyň ikinji komitetiniň başlygy Laçezare Stoýewa ýüzlendi.

Çykyşynyň ahyrynda ol netijeleri boýunça Awaza jemleýji Beýannamasy kabul edilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň maslahatyny geçirendigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňze çykalgasy bolmadyk iň az ösen ýurtlar, ösüp barýan ýurtlar we ösüp barýan kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima öz çykyşynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlyk boýunça hereketleriň tizleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady we şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň maslahatynyň muňa mysal bolup durýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda ol ähli ýurtlary Hereketleriň Wena maksatnamasy boýunça milli synlaryny taýýarlamaga çagyrdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Hereketleriň Wena maksatnamasyny, 2030-njy ýyla durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmekde, şeýle hem Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlyk görmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň gazanan ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda 2022-nji 15-16-njy awgustynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň maslahatynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň wideo ýüzlenmesi diňlenildi.

Çykyş eden wekiliýetler 2022-nji ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Hökümetine Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň maslahatyny üstülikli gurnap geçirendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler. Olar bu maslahatyň öz wagtynda geirilendigini we 2024-nji ýylda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlygyň düýbüni tutandygyny, DÖM durmuşa geçirmek üçin möhümdigini belledi.

Çäräniň netijeleri boýunça duşuşygyň Ministrleriniň Beýannamasy kabul edildi.