TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar duşuşygyň dowamynda dostlukly, ynamly we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde döwletlerimiziň arasyndaky strategiki, dowamly we uzak möhletleýin häsiýetli hyzmatdaşlyk barada bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparyny ýokary derejede gurnamakda beren goldawlary üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn formatdaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de şu ýylyň ahyrynda Tokio şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministleriniň duşuşygy barada pikir alyşdylar.

Ýaponiýa Türkmenistanyň maýa goýum we bank ulgamynda möhüm hyzmatdaşy bolup durýandygy barada bellenilip geçildi. Bu ugurda, öňdebaryjy ýapon banklary we kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda maýa goýum işlerini güýçlendirmeginiň maksadalaýykdygy nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň ähmeýeti aýratyn bellenildi hem-de şu ýylyň ahyrynda Tokio şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin täsirli platforma öwrülmegine gönükdirilen «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny geljekki ýylda Aşgabatda geçirilmegi teklip edildi.

Şunuň bilen birlikde diplomatlar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlap birnäçe medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meselelerine seretdiler.