TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi meýilleşdirildi. Şol duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge ýardam etmelidir.
Moskwanyň “Wnukowo-2” Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşine tarap ugrady. Binanyň eýwanynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Walentina Matwiýenko mähirli mübärekledi.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Bu ýerde, binanyň eýwanynda türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan surat sergisi guraldy.
Soňra Kabul edişlikler zalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Metbugat wekillerine ýüzlenme tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow we Walentina Matwiýenko binanyň eýwanyna bardylar we şol ýerde «Domisolka» çagalar aýdym-saz teatrynyň ýaş artistleriniň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Russiýanyň ýaş artistlerine sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary dowam edýär.