YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN BOLAN DUŞUŞYK HAKYNDA

Şu gün, 2022-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen wideokonferensiýa arkaly duşuşdy.

Duşuşykda, şu ýylyň ahyrynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 26-njy mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň baştutanlygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti ýokary derejede geçirildi, şol ýerde möhüm kararlar we resminamalar kabul edildi hem-de YHG-nyň ýurtlarynyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlyk üçin şertler döredildi.

Hususan-da, Sammitde kabul edilen gutarnykly resminama - Hereketleriň Aşgabat ylalaşygy YHG-nyň gatnaşyjy-ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin döredildi, şeýle hem söwda, ulag, energiýa pudaklarynda döwletara gatnaşyklaryny, syýahatçylyk we pandemiýa garşy göreşe ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu guramanyň Daşary işler ministrleriniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisi 2021-nji ýylda Aşgabatda YHG-nyň agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň Sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň we iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmäge gönükdirilendir.