TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNA RUSSIÝANYŇ ÝOKARY DÖWLET SYLAGY GOWŞURYLDY
3-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni Kreml köşgüne geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, uzak ýyllaryň dowamynda bilelikde işleşen Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de görýändigine örän şatdygyny belledi.
Wladimir Putin geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan ýokary netijeleri belläp, bu ösüşiň depgininiň täze Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanlygyna gelmegi netijesinde birjik-de peselmeýändigini we onuň bilen hem örän gowy şahsy gatnaşyklaryň ýola goýulandygyny, döwletara gatnaşyklaryň hem işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Russiýa ugrundaky syýasatynyň däp bolan görnüşde ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Alypbaryjy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň degişli Permanyny okaýar.
Prezident Wladimir Putin dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna ordeni gowşurýar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň Liderine Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, munuň özüne bildirilen uly hormatdygyny we taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyza iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin gowşurylan ýokary sylag Russiýa bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge pugta ygrarly Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi.