TÜRKMENISTAN ADIPEC-2022 HALKARA NEBIT SERGISINE WE MASLAHATYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Abu Dabide (BAE) ADIPEC 2022 atly Halkara nebit sergisi we maslahaty açyldy. Şu ýyl ADIPEC-de 54 sany öňdebaryjy milli we halkara nebit we integrirlenen energiýa kompaniýalary wekilçilik edýär. Sergi 140,000 inedördül meýdany tutdy, oňa 28 sany milli ýurt pawilýonlary bilen 2200 sergi kompaniýalary gatnaşdy. "Türkmenistanyň nebit we gaz pudagy" pawiliony 13060 belgili stendde gurnaldy.

Abraýly foruma dünýäniň 40-dan  gowrak ýurtlaryndan ministr derejesinde, şol sanda 150 000 töweregi bilermenler, syýasatçylar, innowatorlar we pudak hünärmenleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow baştutanlyk etdi.

ADIPEC maslahatynyň maksatnamasy bäş strategiki mowzuga gönükdirildi: "Geosyýasatyň dünýä ykdysadyýetine we energiýasyna uzak möhletleýin täsiri", "COP27 we COP28-e barýan ýol", "Senagatyň geçişi: täze üpjünçilik zynjyrlaryna uýgunlaşmak, az uglerodly we täze energiýa çözgütleri", "Innowasiýa we energiýa geçişi: Tehnologiki ösüşiň täze eýýamyna başlamak" we "Täze dolandyryş gün tertibi: geljekki işçi güýji we ertiriň ýolbaşçylary ".