SAMARKANTDA TÜRKI DÖWLETLERI GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türki döwletleri guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky dokuzynjy mejlisi özbek tarapynyň baştutanlyk etmeginde Samarkantda öz işine başlady.

Bu çärä Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretary gatnaşýar.

Türkmen wekiliýetiniň baştutany, Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew öz çykyşynda “Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda yzygiderli ösdürýär, ýurdumyz, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek, deňlik ýörelgelerine esaslanýan Türki döwletleri guramasynyň agza ýurtlaryny goşmak bilen dünýäniň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk edýär. "

Söwda we ykdysady ugurda özara gatnaşyklaryň ähmiýeti bellendi. Bu nukdaýnazardan, ýangyç, energiýa, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda we senagat pudagynda türki ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Mejlise gatnaşyjylar sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça şeýle hem guramanyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar, we 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Samarkantda geçiriljek Türki döwletleri guramasynyň sammitinde gol çekmek üçin hödürlenen resminamalaryň taslamalaryna garadylar.