TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. 

Pursatdan peýdalanyp, dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa salamyny ýetirdi we Gahryman Arkadagymyzy Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy bilen gutlady. Bu sylag hormatly Arkadagymyzyň doganlyk türki halklaryň mundan beýläk-de jebisleşmegine ägirt uly goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistany we Azerbaýjan Respublikasyny köpasyrlyk taryh, däp bolan dostlukly gatnaşyklary, ynanyşmak, özara düşünişmek, halklarymyzyň medeni we ruhy taýdan umumylygy baglanyşdyrýar. 

Söhbetdeşler bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki döwürde bu gatnaşyklaryň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny belläp, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini nygtadylar. Şunda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigi tassyklanyldy.

Şeýle hem taraplaryň halkara syýasatyň we özara gyzyklanma bildirilýän sebitara gatnaşyklaryň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew kanun çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny bellediler hem-de hoşlaşanlarynda, birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, ösüşiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, iki doganlyk döwletiň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.