TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilýän mejlisine gatnaşdy.
Samarkant şäheriniň şu gezekki duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni howa menzilinden Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň geçirilýän ýerine — Kongres merkezine ugrady.
Bu kaşaň binanyň foýesinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlaryny Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylaýar.
Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar uly mejlisler zalyna geçdiler. Bu ýerde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Samarkant sammitiniň gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda ähli esasy ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, guramany mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, sebit we halkara gün tertibi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyz myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen oňaýly şertler üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu sammitiň ýurtlarymyzyň ykdysady, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynanýandygyny, oňa halkara we sebit işlerinde Türki Döwletleriň Guramasyna oňaýly täsir etmäge gönükdirilen waka hökmünde seredýändigini nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýyl Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde girmeginiň doganlyk ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berendigini belledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda häzirki döwürde taryhy we kökleri umumy bolan goňşularymyzyň, doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady we şu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Sammitiň işi tamamlanandan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýan wekiliýetleriň Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Registan” meýdançasyna ugrady. Bu ýerde ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar sebitiň halklarynyň mizemez dostlugynyň we doganlygynyň nyşany hökmünde ýaş bag nahallaryny oturtdylar.
Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, wekiliýetleriň Baştutanlary Samarkandyň merkezi meýdançasy “Registanda” surata düşdüler.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda bolmagynyň çäklerinde dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.
Özbegistana iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Samarkandyň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.