UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Muhammat Tezikuba Kisambira  özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurmak maksady bilen Türkmen paýtagtyna geldi.

Taraplar mähirli salamlaşandan soň, Türkmenistan bilen dürli ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde ýokary derejeli saparlaryň, şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm rol oýnaýandygy bellenildi. Hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýadyny giňeltmegiň zerurlygy hem nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, ilkinji ädim hökmünde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany we 2023-2024-nji ýyllar üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we gol çekmek teklip edildi.

Duşuşykda köptaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygyň geljegi we BMG-nyň özara gyzyklanma gün tertibindäki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu prosesi öňe sürmek üçin işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň möhümdigini bellediler.

Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurandan soň, ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlaglar  we Uganda halkynyň  adyna aýdylan iň gowy arzuwlar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.