HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN PUDAGARA TEGELEK STOL

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet standartlary Departamentiniň direktory hanym Korin Warganyň baştutanlygyndaky wekiliýetiniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol geçirildi.

Türkmen tarapdan  Daşary işler ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi,  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Kärdeşler arkalaşyklary ýaly 14 ministrligiň we edaralaryň başlyklarynyň orunbasarlary hem-de wekilleri gatnaşdy.

Tegelek stoluň esasy mowzugy, Halkara Zähmet Guramasy bilen  pagta pudagynda mynasyp iş üpjün etmek ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyldy.

Interaktiw  gepleşikleriň barşynda, Türkmen tarapynyň wekilleri we Halkara Zähmet Guramasynyň halkara bilermenleri, bu Guramanyň konwensiýalarynyň we teklipleriniň düzgünlerine doly laýyklykda pagta pudagynda Türkmenistanda mynasyp işlemegi üpjün etmek meselelerini çözmek baradaky pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar.

Şeýle pikir alyşma görnüşi, türkmen tarapyna Halkara Zähmet Guramasynyň hünärmenleriniň bu meselede Türkmenistan bilen baglanyşykly garaýyşlary bilen tanyşmaga, mümkinçiliklerimizi we zerurlyklarymyzy paýlaşmaga we taslamanyň wezipeleriniň ugurlaryny hukuk we amaly nukdaýnazardan kesgitlemäge mümkinçilik berdi.