ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA «TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI» DIALOGYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI BARADA
2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Adam hukuklary boýunça «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Dialogynyň 14-nji mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda, daşary işler, içeri işler, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we ş.m. ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Ombudsmeni gatnaşdylar.
Şeýle hem mejlisiň işine Ýewropanyň daşary gatnaşyklar gullugynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi hem-de ýurdumyzda ýerleşýän Ýewropa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşugyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Raýat jemgyýetiniň kämilleşdirilmegi, kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet reformasy, şeýle-de «ýaşyl» ykdysadyýetiň we sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi, bilim we saglygy goraýyş, gender deňligi, çagalaryň we maýyplaryň hukuklary we beýleki ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Dialogyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkara we milli derejedäki resminamalaryň, şol sanda, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň hem-de Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň çäklerinde adamlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine üns berdiler.
Türkmenistanda adam hukuklary ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda, ýöriteleşdirilen halkara düzümleriň we agzalan ugur boýunça halkara konwensiýalaryň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Soňky wagtda ýurdumyzda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» formatyň çäklerinde geçirilýän bilelikdäki çäreleriň sanynyň köpelendigi barada nygtaldy. Şu nukdaý nazardan, Türkmen tarapy bu formatyň çäklerinde birnäçe çäreleriň geçirilmegini öňe sürdi, olaryň arasynda Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň geçirilmegi teklip edildi.
Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köptaraplaýyn forumlaryň we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň maksadalaýykdygyny bellediler, şeýle hem mundan beýläk-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça pikir alyşdylar.