TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY M.MÄMMEDOWANYŇ FRANSIÝA SAPARY

2022-nji ýylyň 23-26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherinde gulluk saparynda boldy.

Saparyň çäklerinde Luwr muzeýinde “Ulug-Depe – Merkezi Aziýanyň biziň eramyzdan öňki taryhyny öwrenmek üçin iri merkezi” atly Ulug-Depede geçirilen bilelikdäki fransuz-türkmen arhelogiki missiýasynyň (МАФТУР) arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata 500 töweregi adam gatnaşyp, olaryň içinde arheologlar, mezeýiň işgärleri, taryhçy-alymlar Ulug-Depe taryhy-medeni ýadygärliginde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri boýunça çykyş etdiler.

24-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary Ernesto Ramires bilen Guramanyň ştab-kwartirasynda duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda E.Ramires Türkmenistanyň baştutanlygyna Guramanyň işine hem-de onuň dürli edaralaryna, institutlaryna we maksatnmalaryna ýurdumyzyň işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny ýollady.

Geljekki ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna girmegine 30 ýyl dolýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu şanly senäni birnäçe dabaralary, medeni we beýleki çäreleri geçirmek arkaly giňden bellemegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy 2024-nji ýylda Türkmenistanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belleýändigini habar berdi we şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň bu şanly senäni ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllarda gatnaşjak baýramçylyk çärelerinde taryhy seneleriň sanyna goşmak üçin hödürlemegi meýilleşdirýär.

Saparyň çäginde Luwr muzeýiniň binasynda türkmen wekiliýetiniň bu muzeýiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Luwr muzeýinde Türkmenistanyň seýrek duş gelýän artefktlarynyň sergisini geçirmek boýunça amaly ädimler jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen wekiliýeti muzeýde desgalaryň sergi edilmeginiň tertibi, muzeý eksponatlarynyň saklanylma usullary hem-de olary gaýtadan dikeltme işlerini geçirmek tertibi bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň barşynda şeýle hem Luwrda türkmen sergisini geçirmek üçin şertnama baglaşmak boýunça işleri geçirmek hem-de şertnama-hukuk binýady berkitmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Fransiýanyň «Guimet» Milli aziýa sungaty muzeýiniň direktory hanym Ýannik Lins bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda hanym Lins muzeýde halkara sergileri geçirmek bilen bagly tejribesi bilen paýlaşdy. Mundan başga-da duşuşygyň barşynda taraplar muzeý işi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we «Guimet» muzeýinde ýurdumyzyň medeni mirasyny ýaýbaňlandyrmak üçin sergi gurnamagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.