KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi biziň hormatly kärdeşimiz Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Wladimirowiç Makeýiň biwagt aradan çykmagy bilen bagly çuňňur gynanjyny bildirýär.

Wladimir Wladimirowiç Belarusyň diplomatik gullugynyň ösdürilmegine öz ähmiýetli goşandyny goşdy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny yzygiderli, pugta we esasly durmuşa geçirdi, onuň garaýyşlaryny we bähbitlerini halkara giňişliginde öňe sürdi.

Ikitaraplaýyn türkmen-belarus däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň berkidilmegi we ösdürilmegi işinde onuň tagallalaryny aýratyn bellemek gerek.

Wladimir Wladimirowiç Makeý ýokary hünärli diplomat, kiçigöwünli we sada ynsan, açyk hem-de wepaly dost hökmünde biziň hatyramyzda ebedilik galar.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi