TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRMEKDE PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNYŇ TÄZE ÄDIMI
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy.
Milli Assambleýanyň binasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo we beýleki resmi adamlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny güler ýüz bilen mübäreklediler.
Binanyň ikinji gatynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra Milli Assambleýanyň Başlygy hormatly Arkadagymyzy binanyň duşuşyklar otagyna çagyrdy. Bu ýerde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasyna gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we hormatly Arkadagymyz bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny nygtady.
Öz gezeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen many-mazmunly duşuşyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky parlament gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly we durnukly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň wekiliýetleri ýadygärlik surata düşdüler.
Az wagtlyk dynç alyşdan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy resmi günortanlyk naharyň berilýän ýerine geldi. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy «Türkmenistan — Koreýa» parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal-Gon mähirli garşylady.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna we türkmen wekiliýetine bildirilýän hormatyň nyşany hökmünde «Türkmenistan — Koreýa» parlamentara dostluk toparynyň adyndan berlen resmi günortanlyk nahary iki dostlukly ýurduň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Resmi günortanlyk nahary tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edýän tarapa minnetdarlyk bildirdi.
Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolýan hormatly Arkadagymyz günüň ahyrynda dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň kabulhanasyna tarap ugrady.
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň kabulhanasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Arkadagymyzy Kim Jin-Pýo mähirli garşylady we belent mertebeli myhmany kabulhana çagyrdy.
Soňra Kim Jin-Pýo hormatly Arkadagymyzy binanyň howlusynda ýerleşýän gyşky seýilgähe çagyrdy. Iki ýurduň wekiliýetleriniň Baştutanlary bu ýerde oturdylan bag nahallaryny, gülleri synladylar.
Kabulhananyň gyşky seýilgähiniň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Assambleýanyň Başlygy Kim Jin-Pýo resmi agşamlyk naharynyň berilýän ýerine geldiler. Bu ýerde iki ýurduň wekiliýetleriniň Baştutanlary söz sözlediler.
Kim Jin-Pýo hormatly Arkadagymyzy ýene bir ýola mübärekläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu gezekki saparyna Koreýa Respublikasynda aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi hem-de saparyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, resmi saparyň maksatnamasyna laýyklykda, gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini, şunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçiriljekdigini belledi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.