TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, türk tarapyna Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşogly ýolbaşçylyk etdiler.
Ministrler R.Meredow we M.Çawuşogly Türkmenistan bilen Türkiýäniň söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändiklerini tassykladylar.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklarynyň hem-de sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary we iň ýokary derejedäki gepleşikleriň, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleriň gatnaşyklaryň ilerledilmeginde esasy görkeziji bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň başynda Türkiýä sapary amala aşyrmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.
Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynda synçy derejesini almagyny goldady we onuň hemişelik agzasy boljakdygyna ynam bildirdi.
Diplomatlar Awazada geçirilmegi göz öňünde tutulan Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn dyşuşygyna görülýan taýýarlyk işlerine we onuň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän birnäçe ylalaşyklara seredip geçdiler. Şeýle hem üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanda energetika, ulag we daşary işler ministrleriniň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň wajyplygy bellenildi.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça hereketleri utgaşdyrmaklygyň zerurdygyny aýdyp, taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döwletara türkmen-türk toparynyň we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň orny barada belläp geçdiler. Energetika pudagyna, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýola goýulmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada gürrüň etdiler. Medeniýet, ylym, sport we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri saparyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. R.Meredow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giň meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.