TÜRKMENISTANDA AWTSRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler minsitriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada öz ynanç hatlaryny gowşurmaga gelen Awtsriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) jenap Tomas Şuller-Götsburg bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça uzakmöhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga Türkmenistanyň we Awtsriýanyň gyzyklanma bildirýändigini aýtdylar. Şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mükinçilikelri we BMG-niň gün tertibiniň mesleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministrlikleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ornuna üns çekilip, Awstriýanyň Daşary işler ministriniň 2021-nji ýylda Türkmenistana bolan sapary bellenildi. Bu saparyň dowamynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
Geçirilen duşuşygyň dowamynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň musgalaryny gowşurdy.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awtsriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) jenap Tomas Şuller-Götsburgden ynanç hatlaryny kabul etdi.
Milli Parlamentiň Başlygy myhmany bu jogapkäçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, 29-njy noýabrda geçirilen Türkmen-Awstriýa işewür forumynyň, şeýle hem şu gün Aşgabatda bolup geçýän Türkmen-Awstriýa bilelikdäki toparynyň 11-nji mejlisiniň işewürligiň we söwdanyň ösdürilmegi boýunça ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda 2008-nji ýylda döredilen Awtriýa-türkmen jemgyýeti iki ýurduň arasynda yzygiderli medeni çäreleri geçirmäge ýardam edýär.
Türkmen tarapyna ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen bagly gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Awtsriýanyň Türkmenistandaky Ilçisi türkmen-awtsriýa gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkitmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.