TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow amerikan işewürliginiň wekillerini mübärekläp, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändikleri we türkmen bazarynda işlemäge bolan islegleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz Aşgabada gelen amerikan telekeçileriniň wekiliýetiniň uly düzümden ybaratdygyny kanagatlanma bilen belläp, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiligini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmagyň barşynda forumyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenýändigi aýdyldy.

Biziň ýurtlarymyz söwda, maýa goýum, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändiklerini görkezýärler. Şu babatda döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işewürler geňeşiniň eýeleýän uly ornuny belläp, onuň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarta alyp barýan köpýyllyk netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň bu geňeşiň işine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Işewürler mazmunly, giňişleýin gepleşikleriň geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.