TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINDÄKI DUŞUŞYKDA AZERBAÝJANYŇ PARLAMENTI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde sapar bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa azerbaýjanly kärdeşlerini mähirli mübärekläp, myhmanlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda geçýän şu duşuşygyň ähmiýetini nygtady.

Komitetleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alşylmagyny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gysga düzümde geçirilen duşuşykdan soňra, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy deputatlaryň öňünde çykyş etdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysynyň terjimehaly bilen deputatlary tanyşdyryp, iki döwletiň Prezidentleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň giňden goldamagy netijesinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek üçin hemme şertleriň döredilýändigini nygtap, myhmana söz berdi.

S.Gafarowa bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, özüniň Aşgabada ilkinji saparynyň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelendigini belledi. Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy asyrlaryň dowamynda goňşuçylykda ýaşan halklarymyzyň taryh, medeniýet, dil, din babatda umumylyga eýedigini nygtady. 

Dostlukly ýurduň milli parlamentiniň ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly, Azerbaýjan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny doly goldaýar. Prezident Ilham Aliýew doganlyk Türkmenistanyň daşary syýasatda bu ýörelgä eýerip, uly üstünlikleri gazanandygyny yzygiderli nygtaýar.

Parlamentara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi we Aşgabada şu saparyň ähmiýeti baradaky meselä degip geçip, S.Gafarowa iki ýurduň dürli düzümleriniň, şol sanda kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda üstünlikli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtady. 

Çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy üns berendikleri we myhmansöýerlik üçin Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de duşuşyga gatnaşanlaryň ählisine hoşallyk bildirdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan G.Mämmedowa mazmunly çykyşy üçin myhmana hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysyna we azerbaýjanly kärdeşlerine umumy abadançylygyň, rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.