ESTONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINIŇ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY

2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň  Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Astana ş.) Toomas Tirsden ynanç hatlaryny kabul etdi.

Estoniýaly diplomat Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylaryndan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem türkmen-estoniýa gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.

Duşuşygyň çäklerinde Estoniýanyň ilçisi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgerişler bilen tanyşdyryldy.

Munuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işleri barada diplomata maglumat berildi.

Halkara guramalarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk barada bellenildi. Taraplar söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerine-de üns berildi.

Günüň birinji ýarymynda Estoniýanyň ilçisi Toomas Tirs Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen duşuşdy we onuň dowamynda öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini, hususan-da iki ýurduň ÝB-çäklerindäki gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada aýdylanda, şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýykdygy beýan edildi.

Duşuşykda ulag pudagynda, şol sanda ulag we üstaşyr geçelgelerinde hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada gyzykly pikir alyşma geçirildi. Energetika, sanlylaşdyrma we kiberhowpsuzlyk ugurlary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.