FINLÝANDIÝANYŇ TÄZE ILÇISI TÜRKMENISTANDA ÖZ WEZIPESINE BAŞLADY

2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (Helsinki ş. rezidensiýasy bilen) Ilkka Rýasýaneniň ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşykda fin diplomaty ýurduň daşary we içerki syýasatynyň ugurlary, dürli özgertmeler we halkara ähmiýetli möhüm taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem täze Ilçä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň gurluşy we köptaraplaýyn işleri barada maglumat berildi. Bu nukdaýnazardan, parlamentara gatnaşyklaryň täzeden başlamagyna, şol sanda türkmen-fin parlamentara dostluk toparynyň üsti bilen özara gyzyklanma bildirildi.

Günüň birinji ýarymynda Finlýandiýanyň Ilçisi Ilkka Rýasýanen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewe ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşykda fin diplomatyna işjeň we oňyn Bitaraplyk düşünjesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylyk we ösüş ugrundaky başlangyçlary barada habar berildi.

Türkmenistan bilen Ýewropa  Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Ýewropa Parlamentiniň üsti bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň maksadalaýykdygy bellendi.

Şol bir wagtyň özünde, taraplar  ýurtlaryň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini, şol sanda Türkmen-Finlýandiýa dostluk topary bilen Finlýandiýa-Merkezi Aziýa dostluk toparynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigini nygtadylar.

Syýasy we diplomatik hyzmatdaşlykda, türkmen tarapy iki ýurduň daşary syýasat gözleg merkezleriniň arasynda aragatnaşygy ýola goýmagy teklip etdi.

Söwda we ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlyk, ykjam we elektron enjamlary we elektronika pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bellendi.

Saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagyndaky özara gatnaşyklara-da üns berildi.