ŞRI-LANKA DEMOKRATIK SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NYSGALARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) Goniýa Malimaga Wipulateja Wişwanat Aponsu bilen duşuşyk geçirildi.

Ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, türkmen tarapy netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ynam bildirdi hem-de Ilçiniň bu ugurdaky işinde dürli ýardamlary bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplar syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisini geçirmek meselelerine seretdiler. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar eksport we import boýunça uly mümkinçilikleri barada bellediler hem-de nebit-gaz, himiýa pudagy, oba hojalygy we dokma senagaty pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beläk-de ösdürmek üçin teklipler beýan edildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi barada belläp, taraplar bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmnatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine seretdiler.