TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN APOSTOLIK NUNSISI BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkmenistandaky täze bellenen Apostolik Nunsisi arhiýepiskop Marek Solçinski bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda arhiýepiskop M.Solçinski öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Soňra özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatbaşýandygy üçin Apostolik Nunsisine minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Watikanyň döwrebap halkara durmuşyndaky esasy meseleleri çözmekde garaýyşlarynyň meňzeşdigini nygtadylar. Şeýle hem ähli meselelerde we ýagdaýlarda iki ýurduň parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýändikleri bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Watikanyň Apostolik Nunsisi arhiýepiskop M.Solçinskini bu wezipä bellenmegi gutlady hem-de jogapkärçilikli işinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň DIM-niň onuň missiýasyny amala aşyrmagynda gerekli ýardamlary bermäge taýýardygyny nygtady.