TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-FRANSUZ HYZMATDAŞLYGY BARADA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2022-nji 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Senatynyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy Fransiýa-Merkezi Aziýa dostluk toparynyň Başlygy Erwe Moreý bilen gepleşikler geçirdi.

Duşuşykda Tükmenistan  bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň başynda E.Moreý bu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen many mazmunly we konstruktiw häsiýetli geçirilen gepleşiklerini belläp geçdi.

Taraplar geljek ýyl üçin meýilnamalary beýan etmek bilen baglanyşykly iň ýokary we parlament derejesinde saparlary gurnamagyň möhümdigini bellediler.

Parlamentara gatbaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary barada aýdylanda, “Türkmenistan-Fransiýa” hökümetara dostluk topary arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Hökümetara Türkmen-Fransuz Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň we Fransiýa-Türkmenistan Söwda Palatasynyň işiniň işjeňleşdirilmegine aýratyn orun berilýär.

Fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işleri barada kanagatlanma bilen bellenildi hem-de ekologiýa we muzeý pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.