TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz myhman bilen mähirli salamlaşyp, sapar mahalynda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegini, taraplar üçin gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalary arzuw etdi.
Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, myhman Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýolunda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasaryna minnetdarlyk bildirip, Federal Geňeşiň Başlygy Walentina Matwiýenko mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz golaýda Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň netijeleri boýunça taryhy resminama — Hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn parlamentara topary döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berer.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ýene-de bir gezek birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki dostlukly halkyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň kuwwatly binýadynda guralýan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.