TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ EKSPORT WE MAÝA GOÝUM ÄTIÝAÇLANDYRYŞ AGENTLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen duşuşdy. Bu agentlik ýapon we türkmen taraplarynyň durmuşa geçirýän bilelikdäki ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş öweziniň dolmagyny üpjün edýär.

Duşuşykda taraplar maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garap geçdiler we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, şol sanda NEXI-niň Türkmenistandaky taslamalary maliýeleşdirmek üçin dürli maliýe guramalaryny goşmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge, diwersifikasiýalaşdyrmaga  we giňeltmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.