AHALYŇ TÄZE EDARA EDIŞ MERKEZINE ŞÄHER DEREJESI BERILDI WE “ARKADAG” DIÝLIP ATLANDYRYLDY

2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Hökümetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky habary aýtdy.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçiriler. Şol bir wagtda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçiriler.

Bu çözgüt welaýatyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda kabul edildi.

Türkemnistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimihamedowyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň binagärlik görkünde Türkmenistanyň depginli durmuş-ykdysady ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň gurluşynda bolsa biziň milli mirasymyz, ruhy baýlyklarymyz, köpasyrlyk baý taryhymyz we medeni däplerimiz şöhlelendirilýär.