Energetika diplomatiýasy: ykdysady kuwwat, mümkinçilik, durnukly ösüş

2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň çäklerinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gurbanmämet Elýasow bilen institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Energetika diplomatiýasy» ugry boýunça duşuşyk geçirildi.

Ilçi duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň taryhy, şu güni, geljegi, döwlet ýolbaşçylarynyň ýokary derejede amala aşyran saparlary, şeýle-de energetika diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, Hazar deňzi sebitinden Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna türkmen tebigy gazyny ugratmagyň, häzirki zaman ulag-üstaşyr düzümlerini döretmek babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň ýanwarynda Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi.