TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Ýaponiýanyň Parlamentinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň Parlamentara Assambleýasynyň başlygy Taro Aso bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklar Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Parlamentara dostluk toparlarynyň yzygiderli duşuşyklary işjeň parlamentara hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurnaguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde indiki ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň Parlamentara Forumyny Aşgabat şäherinde geçirmek hakyndaky öňe süren başlangyjynyň wajyp ähmiýeti bellenildi.

Şol gün Türkmenistanyň DIM-niň baştutanynyň Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda parlament diplomatiýasynyň soňky ýyllarda tutýan wajyp ornuny belläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin öňe süren tekliplerdir başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy.