TOKIO ŞÄHERINDE “MERKEZI AZIÝA+ÝAPONIÝA” DIALOGYNA GATNAŞYJY ÝURTLARYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 9-NJY MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Tokio şäherinde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisi geçirildi. Oňa Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýada akkreditirlenen bu döwletleriň Ilçileri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy öz çykyşynda: “Bu duşuşygyň ähmiýeti, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar toplumynyň häzirki ýagdaýyna düşünmek wajyplygy we olaryň aýdyňlygyny kesgitlemek zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Bu, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin ýurtlarymyzyň tagallalaryny birleşdirmekden ybarat” diýip belläp geçdi.

Dialogyň çäginde taraplaryň wekilleri döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan bilelikdäki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitiň howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek, söwda-ykdysady ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek we medeni-ynsanperwer ugurda işjeň alyş-çalyş etmek ýaly möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň metbugat maslahaty geçirildi.