TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşdy.
Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhümdigini bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-Eýran komissiýasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy. Gün tertibinde ýangyç we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri hem bar.
Diplomatlar şu ýyl meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gadymy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek ugrunda ygrarlydyklaryny tassykladylar.