TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPAR BILEN GELDI

2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi.

Günüň ikinji ýarymynda Prezidentiň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni howa menzilinden sapar wagty kabulhanasy ýerleşýän kaşaň “Emirates Palace” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum bilen duşuşygy boldy.

Belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki saparyna iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolundaky nobatdaky ädim we döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa hökmünde baha berilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek, şeýle hem birnäçe halkara we sebitara meseleleri boýunça düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Söwda-ykdysady pudakda uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Olaryň amala aşyrylmagy milli, sebitleýin we ählumumy ykdysadyýetiň ösüşine oňyn täsirini ýetirer.

Iki ýurduň eksport we import mümkinçilikleri özara haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin oňyn şertleri emele getirýär. Bu babatda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň, ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilmegine möhüm orun degişli bolup durýar.

 Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Ylym we bilim, sungat ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar we giňeldilýär.

Türkmenistanyň we BAE-niň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktuma we dostlukly ýurduň tutuş halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ministri, BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryjysy Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Ikiçäk geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň giň ugry boýunça pikir alyşmalar boldy we dürli ugurlardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan çemeleşmeler kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek esasynda ýola goýulýan däp bolan dostlukly gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir diýip belledi we onuň has belent derejelere yzygiderli çykarylýandygyny nygtady.

Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeleriň, işewürler maslahatlarynyň we ugurdaş sergileriň yzygiderli guralmagynyň zerurdygy hakynda teklipler aýdyldy.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ylym, bilim, medeniýet we sungat ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň aýratyn ähmiýetlidigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýana ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň tutuş halkyna bagt, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär.