PAKISTANYŇ DÖWLET DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK BARADA
Şu ýylyň 13-nji aprelinde Samarkantda Owganystan bilen goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 4-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet daşary işler ministri Hina Rabbani Har bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň özara gyzyklanma bildirilýän köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellendi.
Taraplar energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini bellediler. TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Diplomatlar şeýle-de Türkmen-pakistan hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler we ýakyn wagtda Toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi barada ylalaşdylar.