TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝ MILLI DIPLOMATIK AKADEMIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň  Daşary işler ministrliginiň Milli Diplomatik Akademiýasynyň kansleri j-p Ço Býong Jeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çaginde taraplar halkara gün tertibiniň meseleleri we Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy babatda pikirleri alyşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ýokary depgindelerini bellediler.

Dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri babatda aýdyp, taraplar geljekde ikitaraplayýyn gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine garadylar. Iki ýurduň diplomatik institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we diplomatik hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça teklipler beýan edildi.

Duşuşygyň ähyrynda j-p Ço Býong Je hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy bilen hoşallygyny bildirdi we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary özdürmek üçin işleriň giň gerimi amala aşyryljakdygy babatda ynam bildirdi.