“PARAHATÇYLYK PROSESI, HOWPSUZLYK ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYK WE SEBITDÄKI ARABAGLANYŞYK” ATLY OWGANYSTAN MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATY

2018-nji ýylyň 27-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Parahatçylyk prosesi, howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we sebitdäki arabaglanyşyk” atly Owganystan meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine Özbegistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri we orunbasarlary, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa Sebit Merkeziniň baştutany Natalýa German, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýsaty boýunça Ýokary wekili Federika Mogerini, Halkara guramalaryň ýolbaşçylary şeýle hem beýleki ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdylar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti öz çykyşynda “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman” halkara ulag taslamasy barada şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” halkara gaz geçirijisi ähmiýeti we ýokary derejede alnyp barylýandygy barada öz çykyşlarynda aýratyn belläp geçdiler.

Mejlisiň gün tertibine Owganystany dikeltmegiň diňe syýasy-diplomatik we maliýe-ykdysady ýaly mowzuklardan ugur alyp, terrorçylyk, radikalizm, ekstremizm ýaly halkara hem-de sebitleýin howplara garşy göreşmek, Owganystanda howpsuzlyk ugrundaky häzirki ýagdaýy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Owganystanyň sebitleýin hyzmatdaşlygynyň gurallary ýaly meseleleri goşuldy.

Mejlisiň dowamynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň, Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde tagallalary birleşdirmegiň hem-de utgaşdyrmagyň ähmiýetini bellediler. Halkara maslahatyň netijesinde Daşkent Jarnamasy kabul edildi.

Daşkent maslahatynyň çäklerinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” dialogynyň ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda sebitiň ykdysady ösüşiniň geljegi, söwda-ykdysady, maýa goýum, tehnologiýa, ylym we bilim ulgamlarynda sebitara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.