TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýoriteleşdirilen edaralary bilen strategiki hyzmatdaşlyga ygrarlydygy aýratyn bellenip geçildi.

Taraplar Türkmenistanyň Sebit merkezi bilen gün tertibinde duran anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan käbir ugurlary boýunça, şol sanda, köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallary boýunça pikir alyşyldy. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy we Öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasy hakyndaky başlangyçlaryň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen tarapy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň kuwwatyny ösdürmegiň zerurlygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň parahatçylygyň hatyrasyna Dialogyny döretmek pikiri orta atyldy.