ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakalanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy, şeýle hem Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürilmeginiň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň halkara we sebit syýasatynyň köp sanly meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändiklerini nygtadylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy, şu nukdaýnazardan, yzygider esasda geçirilýän “Ýewropa Bileleşigi-Türkmenistan” bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary baradaky dialogyň mejlisleriniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem bu ugurdaky möhüm çäreleriň hatarynda geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligi, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça maslahat, “Ýaşyl” energetika boýunça maslahat barada hem aýdyldy.

Taraplar şeýle hem “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy nygtadylar.  

Duşuşygyň dowamynda bilim, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi, suw we energetika meseleleri boýunça anyk maksatnamalary we taslamalary mundan beýläk hem ilerletmegiň zerurdygyny nygtadylar. Ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ýaşlar syýasaty ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bellendi.