TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi.

Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Ysraýylyň daşary işler ministriniň şu gezekki saparyna ýurdumyzda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýar.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 8-nji oktýabrynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen döwürde Türkmenistan hem-de Ysraýyl birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesini topladylar. Hökümet wekiliýetleriniň derejesindäki özara saparlar we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geňeşmeler, şeýle hem Aşgabatda Ysraýyl Döwletiniň ilçihanasynyň täze binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we diplomatik gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Taraplar abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň çäklerinde utgaşykly hyzmatdaşlyk edýärler. 

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle hem döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň özara saparlaryny işjeňleşdirmegiň, ýurtlarymyzda öndürilýän önümleriň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň sergilerini guramagyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi. Öz gezeginde, Türkmenistan Ysraýylyň oba hojalyk, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak we saglygy goraýyş ulgamlarynda gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýär. 

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-ysraýyl gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär.

Myhman Ysraýylyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini maksat edinýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.